Mahaçkala — Türkmenbaşy parom gatnawy 2030-njy ýyla çenli ýola goýular
04.08.2025
Mahaçkala deňiz söwda porty 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň portlary bilen parom gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu taslama Hazar sebitiniň ulag mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Täze demir ýol we awtomobil ugurlarynyň açylmagyna taýýarlyk görmek maksady bilen, portuň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Taslamanyň amala aşyrylmagy portuň ýylda ýük dolanyşygyny 2 million tonna çenli artdyrmaga we logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ýükleriň çalt gaýtadan işlenmegini üpjün etmek üçin gämi duralgalarynda bir wagtda 200 konteýner ýerleşdirilip bilinjek ýörite terminal meýdançasy dörediler. Bu çözgüt ýük düşürmek we ýüklemek işleriniň tizligini artdyrmaga, şeýle hem portuň halkara hyzmatdaşlary üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Mahaçkala deňiz söwda porty — Russiýanyň Hazar deňzindäki doňmaýan we çuň suwly portlarynyň biridir. Ol Günorta Russiýanyň ulag ulgamyny Merkezi Aziýanyň döwletleri, Eýran, Kawkaz hem-de sebitiň beýleki ýurtlary bilen baglanyşdyrýan strategik taýdan möhüm logistika nokadydyr.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
