Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdy

04.08.2025

Şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministri Nurlan Sauranbaýew «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Balkan» zawody bilen tanyşdy.

Saparyň dowamynda Ministr  «Balkan» zawodyň çäginde gezelenç etdi we häzirki wagtda iki sany gury ýük gämileriniň gurluşyk işleriniň gidişi barada içgin gyzyklandy we «Balkan» zawodynyň çäginde abatlanýan gämiler barada tanyş boldy. Bulardan başga-da Ministr «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy, gurluşy we ýerine ýetirýän işi bilen ýakyndan tanyşdy.

 

Bulardan başga-da saparyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän gämilerini we  Gazagystanyň flotyna degişli bolan «KazMorTransFlot» Milli deňiz gatnaw kompaniýasy» jogapkärçiligi çäklendirilen birleşigine degişli gämileriniň «Balkan» zawodynda abatlamak mümkinçigi barada ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşygyň ahyrynda Ministr «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň üstünlikli tanamlanmagyny we gämi gurluşyk pudagynda zähmet çekýän gämi gurluşykçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly