Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
19.08.2025
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 2025-nji ýylyň 15-nji awgustda Günorta Koreýanyň azat edilişiniň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen gysga gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryna mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
15-nji awgustda bellenilýän Günorta Koreýanyň azat ediliş güni ýurduň garaşsyzlygynyň dikeldilmeginiň nyşany bolup, döwlet derejesindäki baýramçylyk hökmünde resmi dabaralar we çäreler bilen utgaşdyrylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
