Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň goşmaça sekretary bilen duşuşyk geçirildi
27.08.2025
25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.
Şeýle hem duşuşykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň möhümdigi bellenilip, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag we energetika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
