Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy
05.09.2025
2024-nji ýylda Türkmenistanyň Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine (AHG) agza ýurtlar bilen söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,9 esse artdy. Bu barada sişenbe güni Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berdi.
ÝÖB-niň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan AHG ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen söwda dolanyşygy 2 milliard ABŞ dollaryna ýetip, sebit boýunça iň ýokary görkeziji boldy.
Umuman, Merkezi Aziýanyň AHG ýurtlary bilen söwda dolanyşygy jemi 3,3 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa 2020-nji ýyldaky görkezijiden 4,2 esse ýokarydyr.
Aýlag ýurtlarynyň arasynda Merkezi Aziýa bilen söwdada iň iri hyzmatdaş hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) çykyş edýär. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdanyň esasy bölegi — 97%-e golaýy — Birleşen Arap Emirlikleriniň paýyna düşýär.
ÝÖB-niň analitikleriniň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda metallurgiýa hem-de oba hojalyk önümleriniň eksportyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Aýlag ýurtlary bolsa awtoulaglar, elektrik enjamlary we gymmat bahaly daşlardan ýasalan şaý-sepler ýaly harytlaryň importyna gyzyklanma bildirýärler.
Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşi 1981-nji ýylda döredilen sebitara, hökümetara syýasy-ykdysady birleşik bolup, onuň düzümine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany hem-de Birleşen Arap Emirlikleri girýär. Geňeşiň baş edarasy Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýadda ýerleşýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
