Eýran Türkmenistan bilen üstaşyr geçirmeler we ýük daşamalar babatda hyzmatdaşlygy giňeldýär
08.09.2025
Eýran üstaşyr geçirmeler we ýük daşamalar boýunça goňşy döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, şolaryň arasynda Türkmenistan aýratyn orny eýeleýär. Bu barada Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzana Sadig şäher ösüşi boýunça parlament komitetiniň agzalary bilen duşuşygynda aýtdy diýip, Trend habar berýär.
Onuň sözlerine görä, ulag taslamalary Eýranyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde Reşt–Astara demir ýolunyň gurluşygy dowam edýär, onuň ugrunda ýer bölekleriniň satyn alynmagy eýýäm tamamlandy. Şeýle hem Çabahar–Zahedan demir ýolunyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu ýol Eýranyň portuny içki sebitler bilen baglanyşdyrmaga we Türkmenistany hem içine alýan Merkezi Aziýa döwletlerine üstaşyr geçirmeler üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Üstaşyr geçirmeler babatda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösmeginde «Demirgazyk–Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar ugry aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugruň üsti bilen Eýran Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşýar. Netijede, Russiýa, Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýükleriň eltilmegi iki esse çaltlaşar.
Farzana Sadig şeýle hem, Eýran bilen Yragyň arasynda Şalamça–Basra demir ýolunyň gurluşygynyň geljekki ýyllarda tamamlanmagyna garaşylýandygyny, munuň hem ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeldýändigini belledi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
