Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýranda saparda boldy

09.09.2025

6 — 8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F.Sadeg hem-de ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary, Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy J.Zakeri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary wagonlary dolandyryş merkezi we Tähran şäherinde ýerleşýän «Aprin» gury portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde demir ýol pudagy boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, üstaşyr geçýän ýükleriň dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli teklipler berildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ugry boýunça) esasynda döredilen halkara ulag geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak boýunça hem pikir alşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Akýaýla — Inçeburun demir ýol geçelgesine baryp gördüler we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly