Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
25.09.2025
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen hem duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem-de Portugaliýa birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýärler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi we Prezident Marselo Rebelо de Souzany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde giň goldaw tapýandygyny we ählumumy dialogyň jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde türkmen döwletiniň halkara abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
