Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

01.10.2025

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada  Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatynda belledi diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.

Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeň ösýän şertlerinde gazanylan oňyn depgini saklamagyň we berkitmegiň möhümdigini belläp, şu mejlisiň hem bu ugurda giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

“Biziň döwletlerimiziň ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaý bolup, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da üstünlikli ösdürmäge berk kepillik berýär” diýip, diplomat öz gutlagynda belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly