«Merkezi Aziýa – Russiýa» sammiti: Türkmenistan ulag we elektroenergetika boýunça wajyp teklipleri öňe sürdi
10.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ikinji sammitde eden çykyşynda ulag we energetika ulgamlary barada hem aýratyn durup geçdi. Bellenilişi ýaly, ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly we netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr.
«Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetini bellemek isleýärin. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, şunda türkmen döwletiniň elektroenergetika aýratyn üns berýändigini belledi.
«Döwletlerimiziň çägi boýunça elektroenergiýany ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip edýäris. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyrys. Biziň bilelikde toplan, şeýle hem täze tejribelerimiziň we ylmy-tehniki gazananlarymyzyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Bu barada TDH habar berýär
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
