Türkme¬nis¬tan we Malaýziýa energetika hem-de maýa goýum ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýärler

13.10.2025

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň uly syýasy sekretary Seri Şamsull Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, olaryň özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlyk häsiýetini tassykladylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşmalaryň merkezinde boldy, bu babatda maýa goýum ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellendi.

Taraplar nebit-gaz pudagyna aýratyn üns berdiler, şol sanda Türkmenistanyň malaýziýaly «Petronas» kompaniýasy bilen köpýyllyk we üstünlikli hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi. Duşuşyk ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu gatnaşygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirildi.

Maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek babatynda bolsa, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň üstünlikli geçirilendigi hem bellenildi.

Ykdysady ugurlardan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini, hususan-da, bilim we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly