«Demirgazyk-Günorta» ugrunda gatnawlaryň möçberi artdy

14.10.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda eksport, import we üstaşyr gatnawlarynyň möçberi birnäçe esse artdy. Bu ösüş «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi boýunça iki ýurduň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde gazanyldy.

Wise-premýer N.Atagulyýew bu barada Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Onuň sözlerine görä, ulag ulgamy Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýar. «Ulgamlaýyn we utgaşykly işleriň netijesinde durnukly ösüş depgini saklanýar» diýip, wise-premýer nygtady.

N.Atagulyýew 2023-nji ýylda toparyň çäginde döredilen ulag boýunça iş toparynyň iki ýurduň degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirendigini belledi. Şeýle hem ol 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Russiýanyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

«Biz «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça gatnawlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, wise-premýer Nökerguly Atagulyýew belledi.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly