Türkmenistanda “ITTC-2025” halkara ulag forumy geçiriler

17.10.2025

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly IV halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Şu gezekki forum durnukly ulag ulgamyny ösdürmek hem-de pudagyň sanlylaşdyrylmagy babatynda gazanylýan üstünlikler nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.

Çäre Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Dialogue Events Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde guralýar.

Bu halkara forum ulag pudagynda täze tehnologiýalar we önümler bilen tanyşmak, şeýle-de ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder. Çärä dürli döwletlerden ýokary derejeli wekiller, ulag ulgamynyň bilermenleri we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahat bilen bir hatarda, giň göwrümli sergi guralar we şol ýerde kompaniýalar durnukly ulag hem-de logistika pudagyndaky soňky üstünliklerini hödürlärler.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly