Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekdi
28.10.2025
Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.
Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen “Leonardo-Societa per azioni” kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen “Leonardo-Societa per azioni” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Marzoli Machines Textile S.M.L.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Itema S.p.A” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “MCS dyeing & finishing machinery” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Savio Maccine Tessili S.p.A” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Pietro Fiorentini S.p.A” italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.
Şeýlelikde, Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny görkezdi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
