Türkmenistan we Germaniýa Frankfurtdа ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar

30.10.2025

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan TMT Consulting Group kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde “Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler” atly mowzuklaýyn ilkinji mejlisi geçiriler.

Bu mejlisi German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms alyp barar. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ynamdar hyzmatdaşy hem-de ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli işewür çäreleriň hormatly myhmany hökmünde tanalýar.

Türkmenistan bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we netijeli häsiýete eýe bolup, durnukly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, german işewür düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň strategik ähmiýetli pudaklaryna maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir.

Mihael Harms Türkmenistanyň ýokary ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmegiň önümçilik, öňdebaryjy tehnologiýalar, “ýaşyl” energetika, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, ulag hem-de sanly ykdysadyýet ugurlarynda has-da möhüm ähmiýete eýedigini belleýär.

Türkmen–german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan birinji mejlisiniň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda öňden gelýän dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolar. Şeýle-de ol Ýewropa giňişligindäki gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin hem täze mümkinçilikleri açar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly