Türkmenistanda «Türkmentel – 2025» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler
30.10.2025
Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri sanly taslamalary durmuşa geçirmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda «Türkmentel – 2025» halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.
Şonuň bilen baglylykda, noýabr aýynyň 12-14 aralygynda geçiriljek halkara forumy sanly ösüş, programmirleme, dürli pudaklarda innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň aýratynlyklary, emeli aň, «Big Data», blokçein, kiberhowpsuzlyk, ylmy taslamalar we gözlegler hem-de tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Forumda dünýäniň tehnologiýa boýunça öňdebaryjy döwlet edaralary, düzümleri, halkara guramalar we dünýä belli kompaniýalar bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar babatynda hyzmatdaşlyklary giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ähmiýet berler.
«Türkmentel-2025» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýän «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar bilen diplomlar gowşurylar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
