Gazagystan bilen Owganystan Türkmenistanyň üsti arkaly üstaşyr geçelgesini döretmekligi maslahatlaşdy
31.10.2025
Gazagystan bilen Owganystanyň arasyndaky duşuşykda Gazagystan–Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugruny öz içine alýan üstaşyr geçelgesini döretmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslamada Gyrat–Turgundy demir ýol geçelgesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, bu mesele sişenbe güni Şymkent şäherinde geçirilen Gazagystan–Owganystan işewürler forumynyň çäginde Serik Jumanýarin bilen Nuridin Aziziň arasynda bolan ikitaraplaýyn duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maglumata görä, Transowgan geçelgesi Pakistanyň Karaçi portuna çykalga berýär we “Demirgazyk–Günorta” taslamasy bilen utgaşykly ýagdaýda Pars aýlagynyň hem-de Hindistanyň portlaryna elýeterliligi üpjün eder. Bu başlangyçlaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi netijesinde Merkezi Aziýa–Günorta Aziýa (CASA) atly täze söwda okunyň emele gelmegine mümkinçilik döreder.
Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek we halkara logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan (Baku) ugrunda synag gatnawyny işe girizdiler.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
