CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen resminamalara gol çekdi

04.11.2025

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) halkara maslahatynyň çäklerinde duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet edaralary daşary ýurt kompaniýalary bilen energetika hem-de senagat ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen BAE-niň “Invatix Solutions FZ-LLC” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama milli energetika ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmek we Türkmenistanyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Çarçuwaly Ylalaşyk baglaşyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni “Kawasaki Heavy Industries, LTD”, “WUHUAN Engineering Co., LTD” hem-de Hytaýyň “China CAMC Engineering Co., LTD” (CAMCE) kompaniýalary bilen degişli Ähtnamalara gol çekdi. Olaryň esasynda, himiýa kärhanalarynyň energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy we milli himiýa senagatynyň ösüşiniň mundan beýläk-de giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolsa Germaniýanyň “Zippe Industrieanlagen GmbH”, “Horn Glass Industries AG” hem-de “KHD Humboldt Wedag International AG” kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar baglaşdy. Bu resminamalar Türkmenistanyň senagat we gurluşyk pudaklarynyň tehnologiýa taýdan kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) atly halkara sergi we maslahaty 4-nji noýabra çenli dowam eder.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly