ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi

07.11.2025

ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde çarşenbe güni Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Benjamin Franklin adyndaky zalda geçirilen çäre Waşingtonda geçirilýän “C5+1” görnüşindäki duşuşygyň çägindäki esasy wakalaryň biri boldy. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti habar berýär.

Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, Senatyň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jeýms Riş, ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. ABŞ-nyň resmi wekilleri sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem ykdysady hem-de maýa goýum taslamalaryny goldamaga taýýardyklaryny aýtdylar.

“C5+1” formatynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň möhüm bölegi boldy.

“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly