Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň prezidentini kabul etdi

12.11.2025

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijelidigini belledi.

Bellenilişi ýaly, geçen 25 ýylyň içinde Aziýanyň ösüş banky ýurtda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol tasalamalar dürli ugurlary, şol sanda elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýurt boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar ýurduň ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda ilata hödürlenýän saglyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işlerine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlarynyň has-da işjeňleşdirilmelidigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň täze şäheri ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmekde ähmiýetli boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýanyň ösüş bankynyň Prezidenti özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly