S7 awiakompaniýasy 2026-njy ýylda Aşgabat–Nowosibirsk uçuşlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

14.11.2025

Russiýanyň S7 awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň ýazynda Aşgabat bilen Nowosibirsk şäherleriniň arasynda göni uçar gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş wekili Ýewgeniý Çernyşow Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” hem-de “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” (ITTC 2025)” sergileriniň çäginde aýtdy diýip, TASS habarlar agentligi habar berýär.

Onuň sözlerine görä, täze ugur boýunça degişli işler häzirki wagtda işjeň derejede alnyp barylýar. Ýewgeniý Çernyşowyň bellemegine görä, S7 awiakompaniýasy Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatlaryny giňeldip, sebitiň ähli ýurtlaryna uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

S7 awiakompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri Moskwa bilen Aşgabat aralygynda uçuşlary ýerine ýetirip gelýär. Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar her gün amala aşyrylýar. Kompaniýa täze — Aşgabat–Nowosibirsk ugruny hem açmagy meýilleşdirýär. Nowosibirsk şäheriniň saýlanylmagynyň esasy sebäbi bolsa, S7-niň iň iri üstaşyr merkezi hut şol ýerde ýerleşýär.

12–14-nji noýabr aralygynda geçirilýän halkara sergilere dürli ýurtlardan 80-e golaý kompaniýa gatnaşýar. Russiýa tarapyndan bu çärede S7 bilen birlikde “Ozon” söwda platformasy we Russiýanyň deňiz gämi gatnaw registri hem gatnaşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly