Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentda Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler
17.11.2025
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Daşkentda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzijoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan gol çekildi.
Döwlet Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerine ýüzlenme edip, 2027–2028-nji ýyllar üçin BMG Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Gyrgyz Respublikasynyň kandidatyrasyny goldamak baradaky teklibini makulladylar.
Sebitiň ýurtlary Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agzasy bolmagy baradaky karary hem kabul etdiler.
Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň Konsepsiýasyny, şeýle hem 2026–2028-nji ýyllar üçin sebit howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň toplumyny we olaryň öňüni almak boýunça çäreleri tassykladylar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
