Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar
20.11.2025
Hazar deňzi bilen serhetleşýän ýurtlaryň hazarýaka sebitleriniň häkimleriniň ilkinji forumy 18-nji noýabrda Eýranyň Reşt şäherinde öz işine başlady. Çäre “Hazar — dostlugyň we sebitleýin ösüşiň köprüsi” şygary astynda geçýär. Bu barada IRNA agentligi habar berýär.
Eýran başlangyjy bilen geçirilýän bu foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň wekiliýetleri gatnaşýar.
Forumyň iş maksatnamasy üç esasy paneli öz içine alýar: Ykdysady hyzmatdaşlyk – maýa goýumlar, söwda, oba hojalygynda hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk; Ulag we tranzit – “Demirgazyk–Günorta” halkara geçelgesini ösdürmek, deňiz we demir ýol gatnaşyklaryny giňeltmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek; Daşky gurşawy goramak – Hazaryň ekoulgamyny dikeltmek, suw-batgalyk meýdanlaryny gorap saklamak, balykçylyk pudagyny durnukly dolandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti öňe sürmek.
Çäräniň açylyş dabarasynda Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi çykyş edip, çykyşynyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň indiki aý Gazagystana we Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparlary barada maglumat berdi.
Hazarýaka häkimleriň birinji forumy 2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda öz işini tamamlar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
