Deňiz we derýa ulgamynda “Bütindünýä Durnukly Ulag Güni” mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi
22.11.2025
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan dünýäde durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Karary bilen her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän Bütindünýä Durnukly Ulag Güni mynasybetli, 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde uly dabaralar guraldy.
Bu ähmiýetli çäreler Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bilelikdäki guramagynda ýokary ruhubelentlikde geçirildi.
Dabara “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mejlisler zalynda baýramçylyk ruhunda guraldy. Onda deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň zähmetsöýer işgärleriniň ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda goşýan uly goşantlary nygtaldy.
Çäräniň dowamynda, öz işine jogapkärli çemeleşýän, uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekýän hünärmenlere sylag gowşurmak dabarsy hem boldy. Bu çäre zähmetkeşleriň yhlasly zähmetine döwlet derejesinde berilýän ýokary baha we hemaýat hökmünde ýatda galdy.
Baýramçylyk mynasybetli, durnukly ulag syýasatynyň wajyplygyny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we geljekki meýilnamalary kesgitlemek maksady bilen Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň Ýolagçy terminalynda we “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-nyň edara binasynda tegelek stollar guraldy.
Geçirilen duşuşyklarda, deňiz ulaglarynyň howpsuzlygyny, sanly ulgamy ornaşdyrmagy, şeýle-de sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, logistika mümkinçiliklerini giňeltmegiň, deňiz flotunyň ornuny güýçlendirmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşyldy.
Geçirilen çäreler Türkmenistanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag ulgamynyň ösüşine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek ugrundaky ädimleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly




