Türkmenistanyň Prezidentiniň Astana sapary başlandy

25.11.2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylyň oktýabrynda hem bu dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 33 ýyl doldy. Şu geçen döwrüň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi. Ýokary döwlet derejesinde işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şu gezekki sapar ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurda amala aşyrýan saparlarynyň üçünjisidir. Ozal döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý-iýun aýlarynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” we “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitlerine gatnaşypdy. Nobatdaky döwlet sapary bolsa köpugurly strategik hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly