Türkmenistan – üstaşyr geçiriş amallary boýunça Merkezi Aziýada öňdebaryjy
09.12.2025
Türkmenistanyň Gümrük gullugy halkara ulag logistikasynda möhüm orny eýeläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary netijeliligini görkezdi. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Türkmenistanyň serhetlerinden harytlary eksport etmegiň we üstaşyr geçirmegiň wagty we çykdajylary sebitde iň pes derejededir.
Işiň rekord derejesi
Geçirilen barlaglarda, 2025-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda – Türkmenistanyň Garabogaz, Farab we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda eksport we üstaşyr maksatly ýükleri daşaýan awtoulaglary resmileşdirmek üçin ortaça 37 minut gerekdigini görkezdi.
Bu rekord görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, Gazagystanda şuňa meňzeş amallar 1 sagat 30 minut, Özbegistanda bolsa – 1 sagat 10 minut dowam edýär. Bu amallar Täjigistanda (1 sagat 40 minut) we Gyrgyzystanda (1 sagat 44 minut) has köp wagt talap edýär.
Garaşmagyň iň az wagty
Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň netijeliligi ulaglaryň nobatlylygy boýunça geçirilen seljermesi bilen hem tassyklanýar. Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň ortaça nobata durýan wagty 35 minuda çenli boldy.
Sebitiň beýleki ýurtlarynda düýpli tapawut hasaba alyndy: Gyrgyzystanda gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň ortaça nobata durýan wagty 40 min, Täjigistanda – 1 sagat 15 minut, Özbegistanda bolsa – 12 sagat 20 deň boldy. Iň ýokary görkeziji Gazagystanda hasaba alyndy, bu ýerde ortaça garaşmak wagty iki günden geçýär.
Bu görkezijiler Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Bu strategik ugurda, ýurdumyzyň gümrük geçelgelerinde infrastrukturasynyň we mümkinçilikleriniň yzygiderli ösdürilýändigi, “ýaşyl geçelgeleriň” döredilmegi we sanly çözgütleriň işjeň durmuşa geçirilmegi bilen, gümrük gözegçiliginiň utgaşykly we netijeliligini amala aşyrylýandygyny görkezýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
