Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi
18.12.2025
Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.
Täze hyzmat Belarus — Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça halkara konteýner daşamalaryny göz öňünde tutýar.
Ýükleriň eltme möhleti 13–15 günüň dowamynda bolup, bu görkeziji sebit ýurtlarynyň arasynda ýükleri daşamak üçin iň tiz we amatly ugurlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
“Beltamožservis” RUP-nyň baş direktorynyň orunbasary Natalýa Kananowiçiň STV teleýaýlymyna beren interwýusynda bu uguryň işe girizilmegi eksporty diwersifikasiýa etmäge, belarus öndürijileriniň halkara bazarlardaky ornuny pugtalandyrmaga hem-de ýerli önümleriň söwda geografiýasyny giňeltmäge uly mümkinçilik berjekdigini belledi.
Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda ilkinji eýran konteýner otlusynyň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr arkaly geçip, Buhara şäherine çenli ýoluny dowam edendigi habar berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
