2025: Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 21 müň konteýner ýük daşaldy
27.01.2026
2025-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden jemi 21 müň 320 konteýner ýük daşamasy amala aşyryldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 müň 200 sany konteýner köp daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi anna güni habar berdi.
Daşalan ýükleriň umumy möçberinde 10 müň 470 konteýner üstaşyr, 6 müň 450 eksport we 4 müň 400 import ýüklerine degişlidir.
Habarda bellenilişi ýaly, konteýner ýük daşamalarynyň giňden ulanylmagy Türkmenistanyň çäginden geçýän “Demirgazyk — Günorta”, “Lapis – Lazuli” hem-de “Gündogar — Günbatar” esasy halkara ulag ugurlary boýunça üstaşyr, import we eksport ýük dolanşygynyň artmagyna ýardam edýär hem-de sebit ýurtlary üçin goşmaça logistika mümkinçiliklerini döredýär.
2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistanyň çäginden 19 müň konteýner ýük daşamasy amala aşyryldy.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
