«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda milli deňiz flotunyň geljegi kemala gelýär
30.01.2026
Häzirki döwürde milli gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek, Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk meýdançalarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu ýerde döwrebap iki sany gury ýük gämileriniň we bir sany deňziň düýbini çuňaldyjy gämisiniň gurluşyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar.
Täze gury ýük gämileriniň gurulmagy milli flotumyzyň kuwwatyny artdyrmakda strategik ädim bolup, ol ýurdumyzyň eksport-import we üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň Hazaryň deňziniň kenaryndaky esasy logistika merkezi hökmündäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.
Munuň bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen deňziň düýbini çuňaldyjy gäminiň gurluşygy, nawigasion kanallarda yzygiderli çuňaldyş işlerini geçirmäge mümkinçilikleri döreder. Nawigasion kanallaryň talaba laýyk saklanmagy bolsa, deňiz gatnawynyň howpsuzlygyna we halkara ulag geçelgelerini netijeli işlemegi üçin uly ýük göterijilikli gämileriň bökdençsiz geçmegine kepillik berer.
«Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň hünärmenleriniň gazanýan häzirki üstünlikleri ýerli işçileriň inženerçilik ukybynyň ýokarlanýandygyny görkezýär.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
