Türkmenistan telekommunikasiýa we hemra boýunça “Starlink” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
06.02.2026
Türkmenistan we ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasy sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa ulgamlary we döwrebap hemra aragatnaşyk çözgütlerini ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Bu mesele 2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Bişkek şäherinde geçirilen ikinji “B5+1” işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” Global ygtyýarnama we bazar ösüşi boýunça direktory Rebekka Hanter bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Taraplar uzak möhletli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
“Starlink” — dünýäniň islendik nokadyna ýokary tizlikli internet üpjün etmek maksady bilen “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan ösdürilýän global hemra aragatnaşyk ulgamy. Taslama amerikaly telekeçi Ilon Maskyň eýeçiligindedir we hemralaryň uçurylyşy “SpaceX” kompaniýasynyň raketalary arkaly amala aşyrylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
