Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalaryny ösdürmegi ylalaşdylar
11.02.2026
Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan we Gruziýa ýük daşamalaryny ösdürmek, amallary sanlylaşdyrmak hem-de Orta geçelgäniň ýagdaýyny seljermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Azerbaýjan Demir Ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär.
Bu resminama AZCON Holdinginiň düzümine girýän “Azerbaýjanyň demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamowyň, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň, “Uzbekistan temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýewiň we “Gruziýa Demir Ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Laşa Abaşidzeniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekildi. Gepleşikler 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Aşgabatda geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda sebitiň esasy üstaşyr ugurlarynyň biri bolan Orta geçelge boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara Transhazar ulag geçelsesi (Orta geçelge) Hytaý, Gazagystan, Hazar deňziniň suwlary, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly geçip, Ýewropa bilen Aziýanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýar. Bu ugur demir ýol we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalary üçin ulanylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
