Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylar

17.02.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga beriljekdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň döwlet Baştutany şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obanyň, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar.

Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurtda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy we ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda karara gol çekendigini belledi. Şunda ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Şeýle hem mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly