Türkmenistanyň Prezidentine Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite sylagy gowşuryldy

18.02.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hans Klýuge Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň “Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin” atly ýörite sylagyny gowşurdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurtda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Hans Klýugäniň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da dusuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly