Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy goldanyldy
27.02.2026
Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklibi goldanyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, guramanyň Sekretariaty türkmen tarapynyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli taslamany taýýarlamaga girişer.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ozal öňe sürülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek boýunça onuň gün tertibindäki meselä seredildi.
Habarda bellenilişi ýaly, YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr.
Geçen ýylyň 28-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
