Türkmenistan we Özbegistan awtomobil ýollarynyň gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

19.03.2026

Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri Hangeldi Kerimow Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda awtomobil ýollarynyň gurluşygy ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Dunyo” habarlar agentliginiň ýekşenbe güni habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýol gurluşygy pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, infrastruktura taslamalaryny sanly dolandyrmak, köprüleri we ulag desgalarynyň taslamalaryny düzmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Taraplar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň hem-de ýük daşamalarynyň artmagyna, şeýle hem halkara üstaşyr ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara saparlary guramak, bilermenleriň iş duşuşyklaryny geçirmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly