Türkmenistan we Azerbaýjan “ýaşyl” energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler
26.03.2026
Türkmenistan we Azerbaýjan “ýaşyl” energetika ulgamyny ösdürmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow “Report” neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Ilçiniň aýtmagyna görä, iki ýurt hem täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňzi arkaly “ýaşyl” energetika geçelgelerini döretmäge gatnaşmagy maslahatlaşýarlar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde täzelenýän çeşmelerden öndürilen elektrik energiýasyny Günorta Kawkaz arkaly Ýewropa ýurtlaryna geçirmek üçin infrastruktura döretmek meýilleşdirilýär. Bu nukdaýnazardan, Azerbaýjan “ýaşyl” energiýanyň eksporty üçin tranzit halka hökmünde garalýar.
Gurbanmämmet Elýasow gün we ýel energetikasy boýunça taslamalaryň ösdürilmeginiň geljegi uly ugurlaryň biri bolup biljekdigini belledi. “Türkmenistanyň gün energiýasyny öndürmek üçin uly mümkinçilikleri bar, Azerbaýjan bolsa, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzindäki ýel energiýasyny ösdürmek taslamalaryny durmuşa geçirýär” diýip, türkmen ilçisi belledi.
“Şeýle hem “ýaşyl” elektrik energiýasyny geçirmek we eksport etmek üçin bilelikdäki infrastrukturany ösdürmek möhüm ugur bolup biler. Munuň çäginde Hazar deňziniň üstünden suwasty kabel liniýalarynyň gurulmagy, energetika ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy we elektrik energiýasyny Ýewropa ugry boýunça eksport etmek boýunça sebit taslamalaryna gatnaşmak göz öňünde tutulyp bilner” diýip, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi aýtdy.
Şeýle-de Gurbanmämmet Elýasow hyzmatdaşlygyň goşmaça mümkinçilikleriniň “ýaşyl” wodorody öndürmek we daşamak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle-de täzelenýän energetikany ösdürmek boýunça tejribe alyşmak we maýa goýumlary çekmek ýaly ugurlarda açylýandygyny nygtady.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
