Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
14.04.2026
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatda eden çykyşynda A.Gurbanow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýän netijeli konsultatiw meýdança hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de türkmen tarapynyň Seul şäherinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Ilkinji Sammitini geçirmek baradaky Koreýa Respublikasynyň başlangyjyny ilkinji bolup goldanlaryň biridigini aýratyn nygtady.
Nygtalyşy ýaly, geçirilmegi meýilleşdirilýän bu Sammit Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmeginde möhüm tapgyr bolup, diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem amaly hyzmatdaşlygyň durnukly gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Jemleýji resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda türkmen tarapy olaryň ylalaşylmagyna we mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işe işjeň we netijeli gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda öňde boljak Sammite taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk-protokol meseleleri, şol sanda ugurdaş çäreleriň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly
