Türkmenistanda Hazaryň ekologiýasy boýunça maslahat geçiriler

24.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanda Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kenarýaka döwletleriň wise-premýerleriniň derejesinde Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça maslahatyň guralandygyny belledi.

“Onuň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygy we Hazar deňzini hem-de onuň özboluşly tebigatyny gorap saklamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarys diýip umyt edýäris” diýip Türkmenistanyň döwlet Baştutany sammitiň dowamynda eden çykyşynda nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşynda Türkmenistanyň howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýändigini aýtdy.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2026. Ähli Hukuklary Goragly