Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini ýeňip geçmekde, şol sanda CARICC-iň taslamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ilerletmäge ýardam bermegi dowam etjekdigini belledi.

Brifingiň açylyş dabarasynda CARICC-iň direktory A.Ýazlyýew we BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Sebit wekili O. Stolpe hem çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar CARICC-iň sebit we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky çykyşlary diňlediler, şeýle hem neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

13 Sentýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly