"World Utilities Congress" maslahatynda Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça öz meýilnamalaryny hödürledi

Türkmenistanyñ wekiliýeti 16-18-nji sentýabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirilen Jemagat kärhanalarynyñ bütindünýä kongressine (World Utilities Congress 2024) gatnaşdy.

Türkmenistanyñ wekiliýetine energetika ministriniñ orunbasary ýolbaşçylyk edip, onuñ düzümine Türkmenistanyñ DIM-niñ hem-de “Türkmengaz” Döwlet konserniniñ wekilleri girdi. Kongresse ministrlerden, syýasatçylardan, halkara guramalaryñ we işewürlik toparlarynyñ wekillerinden ybarat 90-dan gowrak ýurtdan 1400-e golaý wekil gatnaşdy. Kongress Arap suw maslahaty bilen bir wagtda geçirilip, ekologiýa meseleleri boýunça 100-den gowrak sessiýalardan ybarat boldy.

Türkmen wekiliýeti öñdebaryjy kompaniýalaryñ innowasion çözgütleri ýerleşdirilen energetika pudagynda iñ täze tehnologiýalar we jemagat hyzmatlaryna bagyşlanan sergä baryp gördidi. Ikinji gün bolsa “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniñ kuwwatynyñ üç esse ýokarlandyrylmagy: meýillerden heteketlere” atly sessiýa geçirilip, onda ministriñ orunbasary Nurmämmet Nurmämmedow Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça öñde duran meýiller bilen tanyşdyrdy.

 

Şeýle-de Energiýanyñ gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiñ (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirilip, 2024-2025-nji ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda Türkmenistanyñ maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. La Kamera Tütkmenistany Bakuda geçiriljek COP-29 sammitiniñ çäklerindäki Energiýanyñ gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniñ ösdürilmeginde maýa goýumlar boýunça maslahata gatnaşmak üçin çagyrdy.

Kongressiñ soñky gününde türkmen wekiliýeti geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýanyñ ornuna we hususy böleginiñ çekilmegi bilen onuñ maliýeleşdirmegiñ usullaryna bagyşlanan sessiýa gatnaşdy.

23 Sentýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly