"Yug-Neftegaz Private Limited" - "OGT-2024" Halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hyzmatdaşy
«Yug-Neftegaz Private Limited» Aşgabatda 2024-nji ýylyñ 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyñ nebiti we gazy» (OGT-2024) XXIX halkara maslahatynyñ we sergisiniñ kümüş hyzmatdaşy boldy.
OGT-2024 energetikanyñ geljegi we türkmen nebit-gaz pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri ýaly möhüm mowzuklaryñ ara alyp maslahatlaşmagyna ähmiýet berer. Ýaşyl energetika meselelerine we uglewodorodlaryñ işlenilip taýýarlanylmagynda ekologiýa jähtlerine aýratyn üns beriler. Mundan başga-da, üstünlikli energetika geçişinde tehnologiýa innowasiýalary we adam maýasynyñ orny baradaky meselelere garalar.
«Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy Türkmenistanda iş alyp barmak bilen, uglewodorod ygtyýarnamalarynyñ we bloklaryñ gözlegi we işlenilip taýýarlanylmagy, nebit önümleriniñ gaýtadan işlenilmegi we söwdasy, meýdan geofizika barlaglarynyñ geçirilmegi, nebit we gaz guýylarynyñ buraw işleri, buraw enjamlarynyñ kärende işleri, buraw guýylarynyñ düýpli abatlaýyş işleri, gazylyp alynyşyñ intensifikasiýasy hem-de nebit-gaz infrastrukturasynyñ gurluşyk we döwrebaplaşdyrmak işleri we seýsmiki maglumatlaryñ işläp taýýarlamalary bilen meşgullanýar.
Aşgabatda 2008-nji ýylda «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyñ şahamçasynyñ açylan wagtyndan bäri, ol birnäçe taslamalary, şol sanda hereket etmeýän buraw guýylarynyñ dikeldiş işlerini, täzelerde buraw işlerini hem-de seýsmiki gözlegleriñ 2D we 3D görnüşiniñ ýerini ýetirilişini amala aşyrdy.
Kompaniýa dünýäniñ dürli künjeklerinde nebit-gaz taslamalarynyñ durmuşa geçirilmegi boýunça öndebaryjy orunlary eýeleýär. Bu günki gün «OGT-2024» Maslahatyna gatnaşmak üçin 30 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Giñişleýin maglumat bilen çäräniñ web-saýtynda tanyşyp bolar: http://www.ogt-turkmenistan.com/.
30 Sentýabr, 2024 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly