Türkmenistan energetika we senagat ösüşleriniň ýolunda: CIET-2024 hasaba alnyş başlandy

2024-nji ýylyñ 3-5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyñ gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET-2024) atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Sebitiñ işewürlik senenamasynda bu möhüm waka Türkmenistanyñ gurluşyk, energetika we senagat pudagynyñ öñünde duran wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiñ dürli ugurlary boýunça tanymal bilermenlerini birleşdirer.
Çäräniñ gün tertibinde täze infrastruktura taslamalarynyñ tanyşdyrylyşy, elektrik energiýasynda, himiýa we gurluşyk pudagynda maýa goýum mümkinçilikleriniñ maslahatlaşmalary hem-de beýleki işler meýilnamalaşdyrylan.
Arkadag akylly şäheriñ gurluşygynyñ ikinji tapgyryna bagyşlanan ýörite bölümçe maksatnamanyñ möhüm pursatlarynyñ biri bolar. Maslahata gatnaşyjylar gurluşykda we şäher infrastrukturasynda innowasiýalaryñ we sanly çözgütleriniñ ornaşdyrylmagynyñ ýokary nusgasyny görkezýän täze şäheriñ lukmançylyk we gaýtadan işleýiş klasterleri barada maslahatlaşarlar.
Şeýle-de CIET-2024 senagat, gurluşyk we energetika ýaly möhüm pudaklara maýa goýumlaryñ çekilmegine gönükdirilendir. Erkin senagat zolaklarynyñ döredilmegine hem-de turkmen we halkara kompaniýalarynyñ arasynda gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet beriler. Mundan başga-da, maslahat we sergi täze işewürlik gatnaşyklarynyñ ýola goýulmagyna; mümkin bolan maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşylmagyna; ykdysadyýetiñ strategik ugurlary boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriñ öwrenilmegine şert döreder. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyşlar başlandy.
Goşmaça maglumat we hasaba durmak üçin https://ciet-turkmenistan.com/ru saýtyna geçiñ.
Çäräniñ guramaçylary hökmünde Türkmenistanyñ Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyñ Energetika ministrligi, Türkmenistanyñ Senagat we gurluşygy önümçiligi ministrligi, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniñ häkimligi çykyş edýändigini bellemek zerur.
CIET-2024 Türkmenistanyñ Gurluşyk we senagat toplumynyñ işgärleriniñ güni bolan hünär baýramçylyklaryna gabatlap geçirilýär.
01 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly