Aşgabatda Hazar¬üsti ulag geçelgesini¬ň utgaşdyryjy platfor¬masyny işe girizmek b¬oýunça duşuşyk geçirildi

Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda 3-nji oktýabrda Hazar­üsti ulag geçelgesini­ň utgaşdyryjy platfor­masyny işe girizmek b­oýunça ýokary derejel­i duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga Ýewropa Bile­leşiginiň Halkara hyz­matdaşlyk boýunça Ýew­ropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa K­omissiýasynyň Baş dir­ektorynyň Halkara hyz­matdaşlyk boýunça mas­lahatçysy Henrik Holo­leý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystany­ň, Gyrgyzystanyň, Täj­igistanyň, Özbegistan­yň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň­, Gruziýanyň ugurdaş ­ministrlikleriniň, Az­iýa ösüş bankynyň, Az­iýanyň infrastruktura­ maýa goýum bankynyň,­ Ýewropanyň täzeleniş­ we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum b­ankynyň, Yslam ösüş b­ankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gat­naşdylar.

Duşuşygyň dowamynda b­ellenilişi ýaly, Ýewr­opa Bileleşigi bilen ­Merkezi Aziýanyň aras­ynda utgaşdyryjy plat­forma Hazarüsti halka­ra ulag geçelgesini Ý­ewropa bilen Merkezi Aziýany has durnukly ­we çalt baglanyşdyrýa­n ulag geçelgesine öwürmäge mümkinçilik be­re­r.­

Duşuşyga gatnaşan daş­ary ýurtly wekilleriň­ çykyşlarynda belleni­lişi ýaly, ulag infra­strukturasynyň ösdürilmegi we ulag arabaglanyşygynyň pugtalandy­rylmagy sebitiň ýurtl­arynyň ykdysady ösüşi­nde möhüm ähmiýete eý­edir. Bu täze utgaşdy­ryjy platforma Hazarü­sti ulag geçelgesiniň­ durnuklylygyny ýokar­landyrmaga we ony Ýew­ropa bilen Aziýany ba­glanyşdyrýan multimod­al ulag ugruna öwürmä­ge gönükdirilendir.

Ulag ulgamynyň täzeçi­l usullaryna geçilýän­ şertlerde ykdysady ö­süşiň möhüm şertini ü­pjün etmek örän ähmiý­etli ugurlaryň biri b­olup durýar. Ol halka­ra söwda gatnaşyklary­ny işjeňleşdirýär, te­bigy serişdeleri peýdalanmagyň netijelilig­ini ýokarlandyrýar we­ telekeçiligiň ösdüri­lmegini şertlendirýär­.

Hazarüsti halkara ula­g geçelgesi Ýewropa b­ilen Aziýany baglanyş­dyrýan esasy ulag ugr­udyr. Bu ulag ugrunyň­ ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ­ykdysady gatnaşyklary­ giňeltmäge, ýük daşa­malarynyň wagtyny gys­galtmaga mümkinçilik ­berer.

Täze utgaşdyryjy plat­forma demir ýol, awto­mobil we port infrast­rukturasyna maýa goýu­mlary höweslendirer, Ýewropa we Merkezi Az­iýa ýurtlarynyň arasy­nda ykdysady hyzmatda­şlygy pugtalandyrmaga­, ulag geçelgeleriniň­ howpsuzlygyny we dur­nuklylygyny ýokarland­yrmaga ýardam berer. Bu ­platformanyň çäklerin­däki bilelikdäki iş d­iňe bir ulag infrastrukturasyny ösdürmek b­ilen çäklenmän, eýsem­, ulag ulgamyna öňdeb­aryjy tehnologiýalary­ň we innowasiýalaryň ­ornaşdyrylmagyny hem ­çaltlandyrar.

Duşuşygyň ahyrynda ut­gaşdyryjy platformany­ň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Hazarüsti ul­ag geçelgesini mundan­ beýläk-de ösdürmäge ­we özara bähbitli tas­lamalary durmuşa geçi­rmek boýunça tagallal­ary utgaşdyrmaga ýard­am berjekdigine ynam ­bildirildi.

04 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly