Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergi geçiriler

2024-nji ýylyň 9 – 12-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçiriler. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni habar berildi.
Lukmançylyk enjamlarynyň, tehnologiýalarynyň önümçiligine we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatlara ýöriteleşen kompaniýalar sergide öz gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Dünýäniň öňdebaryjy kopaniýalary bilim we sport ulgamynda iň täze çözgütlerini tanyşdyrarlar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de innowasiýalar bilen tanşyp bilerler.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleri, işewürler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sergä esasy gatnaşýanlar bolar.
Çäräniň guramaçylyk topary pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini we bilermenlerini, telekeçileri hem-de daşary ýurtlaryň wekillerini sergä gatnaşmaga, degişli ulgamlarda öňdebaryjy gazanylanlary öwrenmäge çagyrýar.
04 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly