Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi we geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini, medeni-ynsanperwer ulgamdaky üstünlikleri nygtadylar. 

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Özbegistanyň wekiliýetiniň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen Şawkat Mirziýoýewi gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli goňşuçylyga we özara ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew  birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

15 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly