ASCO Hazar deňziniň daşynda işini giňeltmek üçin «Handysize» görnüşli gury ýük daşaýan gämisini satyn aldy

«Azerbaýjanyň Kaspiý deňiz gämi gatnawy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Hazar deňziniň daşynda işini giňeltmek maksady bilen, «Handysize» görnüşindäki ikinji gury ýük gämisini satyn almak boýunça gepleşikler üstünlikli tamamlandy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Gämini satyn almak baradaky taslamasy ASCO tarapyndan çykarylan obligasiýalardan alnan serişdeleriniň üsti bilen maliýeleşdirildi. Täze gämi Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýewiň tabşyrygy boýunça «Murowdag» diýlip atlandyrylar.

Bu gury ýük gämisi şu ýylyň maý aýynda işe girizilen ilkinji «Handysize»  gämisi «Hojaly» gämisi ýaly ýük göterijiligi 38 müň tonna deň. Gäminiň uzynlygy 179,9 m, ini – 30 m, beýikligi – 15 m, çöketligi – 10,47 m, iň ýokary tizligi – 15,7 uzel. Gäminiň pes çöketligi doly kuwwatlykda ýük ýüklenen ýagdaýynda hem köp sanly pes kanally portlaryna aňsatlyk bilen girmäge mümkinçilik berýär.

Halkara ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän gäminiň ýangyç tygşytlygy we iň döwrebap howpsuzlyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan bu gämi 2020-nji ýylda Ýaponiýada guruldy.

Uly ýüzme mümkinçiliklerine eýe bolan bu gury ýük gämisi ilkinji gatnaawyny Hytaýdan Ekwadora we şol ýerden Kolumbiýa tarap ýüzüşini amala aşyrar. Gämi şu ýylyň dekabr aýynda bellenen port nokadyna gelmegine garaşylýar.

18 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly