“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hödürleýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy dowam etmek bilen, täze – bir gezeklik ýapynjalary ulanmak hyzmatyny ornaşdyrýar. Ol syýahat wagtynda ýolagçylaryň rahatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga we arassaçylyk şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Ýolagçylar demir ýol gatnawlary üçin petekleri satyn alanlarynda kassada we demir ýol menzillerindäki terminallarda, şeýle hem “Turkmenistan Railways” ykjam goşundysy arkaly onlaýn görnüşde özleriniň sargytlaryna “Bir gezeklik ýapynjalar” hyzmatyny aňsatlyk bilen goşup bilerler. Ýapynjalaryň tölegi awtomatik görnüşde petegiň umumy bahasyna goşular.
Täze başlangyç syýahatlarda has howpsuz gurşawy döretmek bilen, müşderileriň saglygy we abadançylygy ugrunda aladalanmakda kompaniýanyň tagallalaryny görkezýär.
Mundan başga-da, ýolagçylara 100 kilograma çenli ýangoşy tölegsiz alyp gitmek rugsat edilýär, uly adamlar bolsa bäş ýaşdan kiçi bolan bir çagany goşmaça töleg etmezden ýanlarynda äkidip bilerler.
Otly gatnawlary üçin petekleri onlaýn görnüşde ugramazyndan 10 gün öň, kassalarda bolsa 5 gün öňünden satyn alyp bolýar. Ýolagçylara demir ýol menziline otlynyň ugraýan wagtyndan 45 minut öňünden barmak maslahat berilýär.
21 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly