Russiýa bilen Gyrgyzystan Türkmenistanyň üsti arkaly täze ugry döretmekligi maslahatlaşdylar

Russiýa bilen Gyrgyzystan Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Hazar deňziniň üstnden geçjek hem-de Astrahan portunda tamamlanjak täze ulag ugruny döretmek mümkinçiligini maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçuk mälim etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu mesele Gyrgyzystanyň Hökümetiniň baştutany Akylbek Žaparowyň Russiýa Federasiýasynyň wekilleri bilen Moskwada geçiren duşuşygynda öňe sürüldi. 

Bu ugur Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ulag geçelgeleriniň kesişýän ýerinde gatnawlary artdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi sebit logistikasynda möhüm ädim bolar. 

Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçuguň sözlerine görä, häzirki wagtda Russiýanyň we Gyrgyzystanyň arasynda ýük daşamalar Gazagystanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Täze ýol bu babatda goşmaça ugry üpjün eder. 

Şeýle hem sebitiň ulag düzümi üçin möhüm ugur boljak Gyrgyzystanyň demirgazygyny we günortasyny birleşdirýän ýoluň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

2024-nji ýylyň iýulynda geçirilen Hökümetara rus-gyrgyz toparynyň 11-nji mejlisinde A.Žaparow Hazar deňzi arkaly Gyrgyzystany Russiýa bilen baglanyşdyrjak täze ugruň tiz wagtda açylmagyna öz ýurdunyň umyt bildirýändigini aýtdy.

23 Oktýabr, 2024 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly