«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler
Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şeýle-de zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. “Munuň özi ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem aýratyn orun degişlidir” diýip, döwlet Baştutany belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu döwrebap zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
28 Oktýabr, 2024 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly