“Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy” işlenip taýýarlandy
Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, raýat awiasiýasynyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
02 Dekabr, 2024 ý.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly